Ynsanperwelik instituty – siziň çäksiz mümkinçiligiňiz

Beýik Petr adyndaky Sankt-Peterburg Poletehniki unerwersiteti – Russiýa Federasiýasynyň öňdenbaryjy we ylymy merkezleriniň biridir. Politehniki unerwersitetynyň Ynsanperwerlik instituty bakalawr, magistr we aspirantura derejelerinde köp sanly bilim programmalaryny durmuşa geçirýär.

Ynsanperwerlik instituty lingwistika, halkara gatnaşyklary we sebitleýin gözlegler, mahabat we jemgyýetçilik gatnaşyklary, neşirýat işleri, pedagogika we psihologiýa, hukuk, sosiologiýa, filosofiýa we taryh ugurlarynda bilim, kär we ylmy çäreleri yzygiderli geçirýär.

Ynsanperwerlik instituty talyplara ideg etmek we olara goldaw bermek baradadyr. Täze gurşawa, düzgünlere, adamlara, dile öwrenişmegini nähili kyndygyna düşünýäris. Üstünlikli we çalt öwrenişmek üçin Ynsanperwerlik institutynyň her ýokary okuwynda kuratorlar bar. Kurator, talyp durmuşyňyz bilen baglanyşykly islendik meseläni: okuwlar, resminamalar, synpdaşlaryňyz we hatda wiza meselelerini çözmäge kömek etjek maslahatçyňyzdyr. Kuratoryňyzy şu ýerden tapyp bilersiňiz:

Okuwlaryňyzyň täsirli, amatly we gyzykly bolmagyny üpjün etmek üçin Ynsanperwerlik Instituty köp gyzyklanma döredýän jemgyýetleri bar: ylmy we bilimden, sporta, wolontýorlyk we döredijilige çenli. Daşary ýurtly talyplara özlerini tanamak we mümkinçiliklerini açmak üçin mümkinçilikler berilýär. 

Politehyň Dobro.Center "Garmoniýa" halkara ugry

Politehda okaýarkaňyz, "Garmoniýa" wolontýorlyk taslama merkezinde peýdaly hünärleri gazanyp, uly göwrümli çärelere guramaçy bolup, gowy işleri ýerine ýetirip bilersiňiz. 

Bu ýer herde bir halkyň däp-dessurlaryny hormatlaýandyr. Gündogar Täze ýyly, Nowruz Baýramy we Dostluk festiwaly ýaly giň gerimli çäreleriň gurnalýan ýeri, birnäçe ýyldan bäri 25-den gowrak ýurt 700-den gowrak gatnaşyjy ýygnaýar. Bu çärelerde talyplar  öz tanslary, ussatlyk sapaklary, milli aşhanalar we milli geýimler arkaly öz medeniýetini, däp-dessurlaryny görkezýärler. 

Çäreleri guramaga gatnaşmakdan başga-da, Dobro.Centerda täze tanyşlar we halypalaryň duýgur ýolbaşçylygynda öz taslamalaryňyzy döredip bilersiňiz.

 Dobro.Center "Garmoniýa"

"PolyUnion" ekosistemasy

"PolyUnion" täze ýurda uýgunlaşmaga we dost tapmaga kömek eder. Politehniki uniwersitetinde halkara talyp durmuşy bilen baglanyşykly gurluşlary we guramalary birleşdirýän ekosistemadyr, onuň maksady daşary ýurtly talyplaryň durmuşyny has amatly etmekdir.

"PolyUnion" sportdan başlap, bilim çärelerine çenli çäreleri gurnaýar, ýaryşlar geçirýär, rus dilini özleşdirmäge kömek edýär we elbetde öz jemgyýetindäki Politehniki uniwersitetinde daşary ýurtly talyplaryň durmuşy we okuwy barada peýdaly maglumatlary paýlaşýar.

 "PolyUnion" ekosistemasy

Talyplar kluby we koworking LEPOTA

Indi bolsa islendik kitabyňyz bilen wagtynyňyzy geçirip, ýa-da tersine, rahatlyk zolagyndan çykyp, nähili döredejigiňiz bardygyny görkezip biläýjek ýer barada gürrüňleşlik  geçeliň.

Politehniki uniwersitetinde döredijilikli talyplar üçin özüne çekiji we amatly ýer bar:

 Talyplar kluby

Talyplar klubynda tapyp biläýjek zadyňyz:

  • 14 döredijilik studiýasy we birleşigi, Politehyň talyplary üçin mugt, şeýle hem dine Politehyň talyplary üçin koworking  LEPOTA, ünsüňizi jemläp, asuda işläp bilersiňiz.

"Politehnik" sport toplumy

Sport bilen meşgullanmagy halaýarsyňyzmy? Bu ýerde giň basseýn, futbol, ​​kiçi futbol, ​​basketbol, ​​woleýbol, boks, göreş we gimnastika üçin stadion we sport zallaryny tapyp bilersiňiz.

Her bir meýdança häzirki zaman hil standartyna gabat gelýär we ýaryşlara bolşy ýaly, hem sport türgenleşiklere laýykdyr. Bu ýerde her bir çäre uly sport baýramçylygyna öwrülýär!

Şeýle hem sen professional toparyň bir agzasy bolup, ýaryşlarda Politehniki uniwersitetiniň abraýyny gorap bilersiň:

 "Politehnik" sport toplumy

Politehniki Minarasy

Minarada, ideýaňyzy ýa-da taslamaňyzy, hatda startap geçirip,  başarnyklary ösdürip, grant ýaryşlaryna gatnaşyp we ýeňip, öz pikiriňizi durmuşa geçirip bilersiňiz.

Mundan başga-da, Talyplar klubynda bolşy ýaly koworking hem bardyr, öý işiňizde ýa-da toparyňyz bilen beýni hüjüminde ýuwaşlyk bilen işläp boljak iş ýeriňiz bar!

 Politehniki Minarasy

13-nji umumy ýaşaýyş jaýynyň talyplar geňeşi

86 ýurtdan gelen talyplar 13-nji halkara umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýarlar. Bu ýerde hemmeler üçin amatly şertleri döretmäge çalyşýarlar. 13-nji umumy ýaşaýyş jaýynyň Talyplar geňeşinde, umumy ýaşaýyş jaýynyň düzgünleri, täze talyplar üçin peýdaly maslahatlar we ýakyn wagtda boljak wakalar barada maglumat tapyp bilersiňiz.

 13-nji umumy ýaşaýyş jaýynyň talyplar geňeşi

Politeh we Ynsanperwerlik institutynyň ähli çärelerini yzarlap we olara gatnaşyp bilersiňiz: